Türkmen žurnalistlerinden ybarat wekiliýet Trabzondaky Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly taryhy we kaşaň öý – Atatürk köşgüne gezelenç etdiler.
1890-njy ýylda gurlan kaşaň öý öz döwrüniň Ýewropa binagärliginiň ajaýyp nusgasydyr. Atatürk bu ýerde birnäçe gezek, ýagny 1924-nji, 1930-njy we 1937-nji ýyllarda özüniň Gara deňiz sebitine saparlarynyň dowamynda bolupdyr. 1937-nji ýylda ol edil şu öýde özüniň ähli emlägini Türkiýäniň halkyna berýändigini beýan edýän wesýetnamasyny ýazypdyr.
Köşge sapar eden wekiliýetiň hatarynda “Biznes Türkmenistan”, “Türkmenportal”, “Orient”, “News Central Asia”, “Atawatan Türkmenistan” internet neşirleriniň, “Medeniýet we Syýahat” žurnalynyň hem-de “Türkmenistan TV4” teleýaýlymynyň wekilleri bar.
Žurnalistler Atatürküň durmuşy we alyp baran işleri bilen baglanyşykly irki mebeller, şahsy gymmatlyklar, fotosuratlar we resminamalar saklanylýan muzeýiň içki zallaryny synladylar. Muzeýiň sergisi Türkiýäniň ilkinji Prezidentiniň nähili ýaşandygyna we işländigine has gowy göz ýetirmäge amatly şertleri döredýär. Sergi bu babatda gaýtalanmajak mümkinçilikdir.
Köşge bolan gezelençden soň, žurnalistler Trabzonyň köçeleri boýunça gezelenç etdiler hem-de kenarýaka şäheriň ýerli binagärligi we gaýtalanmajak gözelligi bilen tanyşdylar.