Medeni alyşmalar maksatnamasynyň çäklerinde Türkiýede bolýan türkmen žurnalistleri Trabzondaky Panagiýa Feoskepastos zenanlar ybadathanasyna baryp gördüler. Ol Gara deňiz kenarýakasynda Wizantiýa binagärliginiň iň gadymy ýadygärlikleriniň biri bolup durýar.
Saparda bolýan türkmen wekiliýetiniň hatarynda “Biznes Türkmenistan”, “Türkmenportal”, “Orient”, “News Central Asia”, “Atawatan Türkmenistan” internet neşirleriniň, “Medeniýet we Syýahat” žurnalynyň hem-de “Türkmenistan TV4” teleýaýlymynyň wekilleri bar.
IX asyrda gurlan ybadathana prawoslaw dindarlarynyň däpleri bilen baglanyşyklydyr. Grekçeden terjime edilende onuň ady Keramatly Mariýanyň goragy manyny berýär. Ybadathananyň XX asyrda ýapylandygyna garamazdan, rejeleýiş işleriniň netijesinde onuň taryhy ähmiýeti gaýtadan dikeldildi. Tanyşmaga eleýeterli edilen bu ýer syýahatçylara wizantiýalylar döwründen galan gadymy suratlary we bingärlik aýratynlyklary synlamak üçin gaýtalanmajak gezelenji hödürleýär.
Ybadathanadan daşary, türkmen wekiliýeti Boztepe baýryna baryp gördüler. Onuň synlaýyş meýdançasyndan Trabzon sebitiniň we Gara deňziň ajaýyp görnüşi açylýar. Bu ýer uzak geçmişde hem şäheriň ruhy nyşany hasaplanylyp, zyýaratçylary we syýahatçylary özüne çekipdir. Boztepe diňe bir ybadat edilýän däl, eýsem, medeni merkeze hem öwrülipdir. Bu ýerde şäheriň taryhyna we bu sebitiň däplerine bagyşlanan çäreler ýygy-ýygydan geçirilýär.