Durnukly syýahatçylygy ösdürmäge we ýerli ykdysadyýeti goldamaga gönükdirilen SENTRUM taslamasynyň çäklerinde Izmir sebitindäki gadymy Birgi obasy ekologiýa syýahatçylygynyň merkezine öwrülýär. Bu taslama BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, ýurduň Ösüş we syýahatçylygy ilerletmek boýunça agentligi (TGA) hem-de “Enerjisa Enerji” kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Seljuklylaryň we osmanlylaryň binagärlik mirasyny saklap galan Birgi obasy 2022-nji ýylda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Iň gowy syýahatçylyk obasy” Sanawyna girizildi. Türkiýäniň Egeý sebitinde ýerleşýän bu oba syýahatçylara XII asyra mahsus öýleriň arasyndaky daş düşelen köçelerden ýöräp, asyrlara uzaýan taryhy gurşawa aralaşmak mümkinçiligini hödürleýär. SENTRUM taslamasyny durmuşa geçirmegiň täze merkezi Birgi obasynyň çäginiň ekologiýa we medeni taýdan özgerdilmegi üçin utgaşdyryjy meýdança öwrüldi.
Bu merkez energiýa netijelilikden we medeni mirasy gorap saklamakdan başlap, zenanlaryň hem-de ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge çenli dürli ugurlardaky durnukly çözgütleri ilerletmäge üns berýär. Bu ýerde şeýle hem howanyň üýgtemegi barada habarlylygy ýokarlandyrmak we ýerli mirasy özgertmeler işine goşmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Zenanlaryň çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagy bu taslamany ösüşe inklýuziw çemeleşmäniň nusgasyna öwürýär.
SENTRUM taslamasy Birgi obasyny ekologiýa taýdan ösüşiň nusgasyny özünde jemleýän ýylyň ähli döwri üçin amatly syýahatçylyk merkezine öwürmek wezipesini maksat edip goýýar. Ýakyn geljekde bu merkez gazanylan netijeleriň durnuklylygyny üpjün etmek we Türkiýäniň beýleki sebitleri üçin nusgalyk mysaly kemala getirmek maksady bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegi dowam etdirer we ilatyň degişli işlere gatnaşygyny işjeňleşdirer.