Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Nurmuhammet Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky dokma pudagynyň wekiliýeti Belgiýanyň Ipr şäherinde saparda boldular. Bu ýerde dünýäde dokma enjamlaryny esasy öndürijileriň biri bolan “Picanol” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda “Picanol” bilen türkmen dokma kärhanalarynyň arasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň 20 ýyllyk taryhy barada durlup geçildi. Türkmenistanyň wekilleri kompaniýanyň enjamlarynyň ygtybarlylygyna we netijeliligine ýokary baha berip, olary ýurduň dokma senagatynyň kärhanalarynda ulanmakda köpýyllyk tejribäniň toplanandygyny bellediler. Bu tejribe türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşmagynda möhüm binýat boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti kompaniýanyň döwrebap tikinçilik enjamlarynyň döredilýän we ýygnalýan önümçilik toplumlaryna baryp gördüler. Şeýle hem enjamlaryň täze nusgalary bilen tanyşlyk görkezilişi guraldy.
Türkmen tarapy önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak we halkara bazarlarda önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak maksady bilen goşmaça tikinçilik enjamlaryny satyn almaga hem-de hereket edýän düzümleri döwrebaplaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem tehniki goldawlary, hyzmatlary bermek, hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bilen Ýewropanyň önüm öndürijileriniň arasynda senagat gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädim bolan bu sapar ýurduň dokma pudagynyň durnukly ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açdy.