Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýekşenbe güni “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, täze obserwatoriýanyň çagalar üçin astronomiýanyň we älem giňişliginiň gyzykly hem-de syrly dünýäsine ýol açmagyna garaşylýar. Bu ýerde iň döwrebap enjamlar arkaly okuw sapaklary geçiriler, çagalar asmandaky ýyldyzlary synlarlar.
Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary, çagalar tans toparlary birnäçe çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Çagalar we ýetginjekler merkezinde çagalaryň ylym-bilimini, ukyp-başarnygyny artdyrmagy üçin ähli zerur şertler dörediler. Şeýle hem dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklar hereket eder, sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdança we beýleki desgalar gurlar.