Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sişenbe güni welosipedli ýöriş gurnady.
Welosipedli ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Ýöriş Tbilisi şäheriniň köçelerinde, şeýle hem Gruziýanyň gadymy paýtagty Mtsheta şäheriniň merkezinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berýär.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow ýörişe gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününiň dostlugyň çapary hökmünde sportuň giň mümkinçiliklerini açýan halkara baýramdygyny belledi.
Ilçi welosipedli ýörişiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýändigni goşmaça belläp geçdi.
Çäräniň ahyrynda welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
2018-nji ýylyň 12-nji aprelynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda dünýäniň 56 döwletiniň goldamagynda Bütindünýä welosiped güni hakyndaky kararnama laýyklykda her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.