Aşgabat şäherinde geçirilýän “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde häzirki zaman modasynyň halkara görkezilişi geçirildi. Çäräni gurnaýjynyň habar bermegine görä, bu görkezilişe milli hem-de daşary ýurtly dizaýnerler gatnaşyp, olar milli däp-dessurlaryň we modanyň häzirki zaman tendensiýalarynyň utgaşygyny egin-eşik kolleksiýalarynda görkezdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky “Miras” moda öýüniň dizaýnerler topary milli däp-dessurlara we häzirki zaman modasynyň tendensiýalaryna laýyk gelýän ajaýyp köýnekler ýygyndysyny hödürledi.
Bu görkezilişe “Mad Mood Milano” Moda hepdeliginiň direktory Marianna Miçeli, baýramçylyk köýnekleri bilen tanalýan londonly dizaýner Omar Mansur, türkmen dizaýneri Gowher Pirkulyýewa Güwerne, Singapurly dizaýner Haýden Ng, şeýle hem Gazagystanyň “Asyl-design” moda öýüniň baş dizaýneri Aýdarhan Haliýew we başgada birnäçe Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly dizaýnerler gatnaşdylar.
Toplumlar üýtgeşik stil görnüşleri bilen tapawutlanyp, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky medeni dialogy şöhlelendirdi we bu görkezilişiň esasy mowzugyna öwrüldi.
“Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka 13-nji iýuna çenli dowam eder.


30635-495x4352.jpg)





30635-90x604.jpg)





