Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Fizuli etrabyna bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Fizuli etrabyna bardy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew, 2025-nji ýylyň 17-nji iýuly, Fizuli etraby, Azerbaýjan (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde ýurduň Fizuli etrabyna bardy. Bu barada penşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Fizuliniň halkara howa menzilinde hormat garawuly nyzama düzülip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady.

Howa menzilinde geçirilen duşuşyk wagtynda türkmen wekiliýetine Fizuli, Zangilan we Laçyn etraplarynda gurulýan halkara howa menzilleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Hazar deňziniň kenarynda, Bakunyň merkezinden bary-ýogy ýarym sagat uzaklykda ýerleşýän “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördüler.

2022