Aşgabatda çarşenbe güni Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Respublika Güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Hojamyrat Geldimyradow çykyşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň söwda-ykdysady, senagat, energetika, ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we maýa goýum ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ýylsaýyn ösýändigini belledi. Şeýle hem türk kompaniýalarynyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirip, ykdysady ösüşe mynasyp goşant goşýandygyny nygtady.
Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmet Demirok çykyşynda Türkiýäniň raýatlaryny, Kipr türklerini hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryny Respublika güni bilen gutlady. Ilçi, Türkiýäniň taryhy mirasynyň hem-de Respublikanyň düýbüni tutujy Mustafa Kemal Atatürkiň gazanan üstünliklerini aýratyn hormat we buýsanç bilen ýatlanýandygyny belledi.
Ahmet Demirok çykyşynda 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolup geçen güýçli ýer titremesinden soň alnyp barylýan dikeldiş işleri barada hem maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, ýylyň ahyryna çenli 453 müň öýleriň açarlary eýelerine gowşurylmagyna garaşylýar.
Respublika güni Türkiýede 29-njy oktýabrda bellenilýär we ol iň möhüm milli baýramlaryň biridir. Bu gün 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagyny hem-de onuň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň döwlet baştutanlygyna saýlanmagyny alamatlandyrýar.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


