“Türkmennebit” Döwlet konserniň başlygy Guwanç Agajanow 2025-nji ýylyň 3–6 noýabry aralygynda Abu-Dabide geçirilen ADIPEC-2025 halkara sergisi we konferensiýasynyň çäginde dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Bu barada BAE-däki Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär.
Serginiň çäklerinde türkmen wekiliýeti ADNOC, “Dragon Oil”, Petronas, “Siemens Energy”, “Baker Hughes”, “Yug-Neftgaz” hem-de “Azizi Group” ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda nebitgaz we energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alşyldy.
4-nji noýabrda türkmen wekiliýeti BAE Senagat we Ösüşli Tehnologiýalar ministri, Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, ADNOC kompaniýasynyň toparynyň dolandyryjy müdiri we baş ýerine ýetiriji direktory doktor Sultan Al Jaber bilen duşuşdy. Gepleşiklerde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, maýa goýum taslamalary we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Al Jaber Türkmenistanyň bilen hyzmatdaşlygy has hem berkitmegiň ähmiýetini belledi.
Şol gün Türkmenistanyň milli pawilýonynda Guwanç Agajanow “Azizi Group” kompaniýalar toplumyna girýän “Azizi Developments” kompaniýasynyň amallar boýunça baş direktorynyň orunbasary Javed Ludin we “Azizi Energy” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we maýa goýum başlangyçlary barada pikir alyşdylar. G.Agajanow Türkmenistanyň halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe açykdygyny we taýýardygyny aýtdy.
ADIPEC-2025 sergisine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreden Türkmenistanyň milli pawilýony nebitgaz we energetika ulgamlarynda ýurduň gazanan üstünliklerini we maýa goýum mümkinçiliklerini görkezdi.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


