Türkmenistan we Gazagystan Bakuwdan üstaşyr 3,8 million tonna nebit geçirdi

BT
Türkmenistan we Gazagystan Bakuwdan üstaşyr 3,8 million tonna nebit geçirdi
Baku–Tbilisi–Jeýhan nebit turba geçirijisi (Surat: Report.az)

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly 2026-njy ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystan möçberi 3 million 835,1 müň tonna barabar bolan nebiti geçirdi.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetiniň ýurduň 2026-njy ýylyň ýanwar–oktýabr aýlaryndaky durmuş-ykdysady ösüşi baradaky çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan bilen Gazagystanyň nebiti Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi arkaly degişli döwürde daşalan nebitiň umumy möçberiniň 18,2 göterimini düzdi.

Hasabat döwründe Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi arkaly jemi 21 million 103,8 müň tonna nebit daşaldy. Onuň 17 million 268,7 müň tonnasy ýa-da 81,8 göterimi Azerbaýjanda öndürilen nebitiň paýyna düşdi.

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi 1768 kilometr aralyga uzaýar we Hazar deňzinden çykarylýan çig nebiti Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdan başlap, Gruziýanyň üsti bilen Türkiýäniň Ortaýer deňzindäki Jeýhan portuna ýetirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС