Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 14–15-nji dekabrynda “Türkmen energiýa” halkara ylmy-amaly maslahaty (TESC 2026) geçiriler. “Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçiriljek foruma döwlet edaralarynyň, energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada forumyň guramaçysy “TurkmenEnergyForum” habar berýär.
Nebitgaz ýataklaryny özleşdirmekde sanly tehnologiýalary we emeli aňy ulanmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, innowasion taslamalary maliýeleşdirmek hem-de pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri maslahatyň esasy gürrüň ediljek ugurlary bolar.
Çäräniň dowamynda sanly modeller, akylly dolandyryş ulgamlary we emeli aň arkaly uglewodorodlary gözlemek hem-de çykarmak işlerini kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garalar. Şeýle hem tebigy gazyň syzmalaryny ýüze çykarmak we öňüni almak, metan zyňyndylaryny ölçemek we gözegçilikde saklamak boýunça halkara tejribe alşylar.
Maslahatyň maksatnamasynda halkara kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we maýa goýumlaryny çekmek meselelerine hem aýratyn orun berler. Şeýle hem PETRONAS, “Dragon Oil” we CNPC ýaly kompaniýalar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň tejribesine hem garalar.
Mundan başga-da, ýaş hünärmenler we talyplar üçin “TESC Youth Energy Forum 2026” geçirilip, onda emeli aň, robototehnika, energiýa netijeliligi we nebitgaz önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary boýunça taslamalar hödürlener. Maslahatyň çäklerinde tehnologiýa sergisini, innowasion çözgütleriň tanyşdyrylyşyny hem-de işewür duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

















