“Azerbaýjan demir ýollary” (ADY) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) başlygy Röwşen Rustamow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapar edip, portuň bar bolan infrastrukturasy, tehniki mümkinçilikleri hem-de üstaşyr kuwwatylygy bilen tanyşdy. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.
Portuň direktory Parahat Jumaýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda sebit ýük daşamalaryny ösdürmek, Baku we Türkmenbaşy portlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem çuňlaşdyryş işlerini geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hazar we Gara deňizleriniň arasyndaky baglanyşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ýük daşamalarynyň möçberini artdyrýandygy hem-de Orta geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrýandygy bellenildi. Şeýle hem çalt we ygtybarly ýük daşamalaryny üpjün etmek maksady bilen Ýewraziýa ulag geçelgesiniň çäklerinde portlaryň işini utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar portlarynyň arasynda häzirki zaman we iň uly deňiz portudyr. Portuň umumy meýdany 150 gektardan gowrak bolup, onuň ýyllyk umumy kuwwatylylygy 17 million tonna ýük, şol sanda 300 müň ýolagçy, 75 müň ýük awtoulagy, 400 müň TEU konteýneri, 3 million tonna ürgün ýükleri we nebit önümleri hasaba almazda 4 million tonna umumy ýükleri geçirmäge ukyplydyr. Deňiz portunda Ýolagçy-parom terminaly, Konteýner terminaly, Umumy ýükler terminaly, Ürgün ýükler terminaly we Polipropilen terminaly bardyr.














