Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda Brýusselde dokuzynjy parlamentara duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda Brýusselde dokuzynjy parlamentara duşuşyk geçirildi
“Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan” görnüşinde dokuzynjy parlamentara duşuşyk, 2026-njy ýylyň 5-nji marty, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy)

Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Ýewropa Parlamentinde penşenbe güni “Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan” görnüşinde dokuzynjy parlamentara duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara we parlamentara aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Maksat Kulyýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyk Ýewropa Parlamenti tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyklar boýunça Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň (DCAS) başlygy, deputat Juzeppina Prinçiniň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar taraplaryň arasynda ynamy berkitmek we dialogy ösdürmek üçin yzygiderli parlamentara gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Taraplar ykdysadyýet, energetika, ylym-bilim maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy durnukly ösüş, energetika we ekologiýa bilen bagly milli ileri tutulýan ugurlar, şol sanda täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri hem bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň möhüm görkezijisi hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Şol gün senator we Flamand Parlamentiniň deputaty Stefani D'Hozeniň ýolbaşçylygyndaky Belgiýa parlamentarileriniň Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Belgiýa tarapy Türkmenistanyň ykdysady ösüşine we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirdi.

Parlamentara dialogyň indiki mejlisini geljek ýylyň başynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022