“Ýumak” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda mallaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, tohumlyk mallaryň 1 müň 485-sini Ýewropa ýurtlaryndan satyn alyp getirmek, olar üçin mal ýataklaryny we sagymhanalary gurmak boýunça işleri alyp barýar. Bu barada duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetinde habar berildi.
“Agzybirligimiz, tutanýerli zähmetimiz we kämillige ymtylyşymyz bilen ýakyn geljekde 9 müň tohumlyk maly idedip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak, ildeşlerimiziň saçaklaryna ýokary hilli we ekologik taýdan arassa süýt önümlerini ýetirmek boýunça goýan maksadymyza ýetjekdigimize ynanýarys” diýip, hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Roznazar Nuryýew aýtdy.
“Ýumak” hojalyk jemgyýeti 2010-njy ýylda esaslandyrylyp, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň çäginde onuň süýt ugurly maldarçylyk toplumy we balykçylyk hojalygy ýerleşýär.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhana häzirki wagtda “golştin” tohumyna degişli sygyrlaryň 975 baş sanyny idedýär. Maldarçylyk toplumynda sygyrlary sagmagyň we olara gözegçilik etmegiň innowasion ulgamlary ornaşdyrylyp, Türkiýäniň “Intermik daýresense” kompaniýasynyň tehnologiýalary gije-gündiziň dowamynda her bir sygryň ýagdaýyna awtomatlaşdyrylan görnüşde gözegçilikde saklamaga we rahat şertleri üpjün etmäge ýardam berýär.
Maldarçylyk toplumy ýokary hilli süýdüň günde 11-12, ýylda 2500 tonnadan gowragyny almaga mümkinçilik berýär. Ýaglylygy 4-4,5 göterime ýetýän ekologik taýdan arassa süýt ýörite barlaghanada hil gözegçiliginden geçirilýär.
Mundan başga-da, “Ýumak” hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işiniň aýratyn bir ugry balykçylyk bolup, onuň umumy meýdany 30 gektara barabar bolan howuzlarynda ýylda 35 tonna töweregi balyk ýetişdirilýär.













