Almaty şäherinde sişenbe güni geçirilen Gazagystan-Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň üçünji mejlisinde bilelikdäki Agrobiznes merkezini döretmek başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijesinde taraplar iki ýurduň oba hojalyk kärhanalarynyň işjeň gatnaşmagynda we mümkin bolan bilelikdäki taslamalary göz öňünde tutup, bu başlangyjy öwrenmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Gazagystanyň Daşary söwda palatasy habar berýär.
Mejlisiň dowamynda türkmen kompaniýalarynyň Gazagystanyň bazarlaryna eksporty artdyrmaga gyzyklanma bildirýändikleri hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Miwe” agrosenagat toplumy Gazagystana miwe eksportyny artdyrmak we bu ýurtda resmi distribýutoryny açmak isleýändigini mälim etdi. “Mahmal” haryt nyşany bilen ýyladyşhanalarda pomidor öndürýän we eksport edýän “Ýigit” kompaniýasy hem önümleriniň Gazagystanyň bazaryna iberilýän möçberini artdyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Gazak telekeçileri hem türkmen kompaniýalarynyň tekliplerine gyzyklanma bildirdiler.
“Atameken” Sebitleýin telekeçiler palatasynyň binasynda geçirilen çärä iki ýurtdan 50-den gowrak kompaniýa gatnaşyp, onlaýn görnüşde hem alty sany türkmen kompaniýasy goşuldy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dolandyryş geňeşiniň agzasy Begenç Arazow ýolbaşçylyk etdi.
Işewürlik geňeşiniň gazak tarapynyň bilelikdäki başlygy Aýdar Kazybaýew türkmen kärhanalarynyň Gazagystana sapary we Almatyda geçirilen “Food Expo-2026” sergisine gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gazagystanyň Milli statistika býurosynyň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 361,4 million ABŞ dollaryna ýetip, 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,3 göterim ýokarlandy. Şol döwürde Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 233 million, Türkmenistandan importy bolsa 128,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Iki ýurduň hökümetleri özara söwdanyň möçberini 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi maksat edinýärler.





33733-495x4352.png)










