"Erkin Agro" hojalyk jemgyýeti günde 6,5 müň litr süýt öndürýär

BT
"Erkin Agro" hojalyk jemgyýeti günde 6,5 müň litr süýt öndürýär
“Erkin Agro” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda ýerleşýän "Erkin Agro" hojalyk jemgyýeti süýt önümçiligini artdyryp, bir günde 6 müň 500 litr süýt öndürýär. Şol bir wagtyň özünde kärhanada däneli we ot-iýmlik ekinleri hem ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, kärhana miweli baglarynyň meýdanyny hem iki esse giňeldip, 300 gektara ýetirdi.

"Biznes Reklama" gazetiniň habar bermegine görä, fermada Ýewropadan getirilen simmental we golşteýn tohumly 804 baş iri şahly mal saklanýar. Häzirki wagtda kärhanada her bir sagylýan sygyrdan günde ortaça 25 litr süýt alnyp, geljekde bu görkezijini 35–40 litre ýetirmegi maksat edinilýär. "Erkin Agro" hojalyk jemgyýetinde öndürilýän süýt "Täze Aý" hojalyk jemgyýetine iberilýär.

Hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy 10 gektar meýdany eýeläp, 630 gektar ýerde mekgejöwen, arpa we ýorunja ýaly ot-iýmlik ekinleri ösdürilýär. Mekgejöwen ýygnalandan soň, meýdanlar güýzlük bugdaý ekmäge taýýarlanylýar.

Häzirki wagtda kärhananyň miweli baglarynyň meýdany 150 gektardan 300 gektara çenli giňeldilip, bu ýerde alma, şetdaly, badam, erik, armyt we behi ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda hasyl berýän baglaryň arasynda alma baglary 31 gektary, şetdaly baglary 30 gektary tutýar. Badam we erik baglarynyň her biri 15 gektar, armyt baglary 24 gektar, behi baglary bolsa 8 gektar meýdanda ýerleşýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan "Erkin Agro" hojalyk jemgyýeti Aşgabat–Türkmenabat awtomobil ýolunyň 400-nji kilometrinde ýerleşýär.

2022