Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çärelerini geçirdi

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çärelerini geçirdi
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan geçirilen sport çärelerinden bir pursat

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda “Saglyk hepdeligini” geçirdi. Bu hepdelik sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen birnäçe sport we dynç alyş çärelerini öz içine aldy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Geçirilen çäreleriň çäklerinde mini-futbol ýaryşy, ýeňil atletika ýaryşy, agyr atletika we el göreşi (armwresliň) boýunça ýaryşlar, küşt we şaşka ýaryşy guraldy. Çäreler dostluk, özara hormat goýmak we agzybirlik äheňinde geçirildi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy gurnamagynda geçirilen sport çärelerine Ukrainada okaýan we ýaşaýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan guralýan çärelere gatnaşmagy öz Watany bilen gatnaşyklary berkitmek, aragatnaşyk we üznüksiz ruhy baglanyşygy saklamak üçin möhüm mümkinçilik hökmünde görýärler.

“Saglyk hepdeliginiň” bellenilmegi türkmen ýaşlarynyň, nirede bolsalar-da, milli gymmatlyklara ygrarlylygyny, ösüşe, işjeň we sagdyn durmuşa bolan ymtylmalaryny görkezip, ýurduň halkara derejesinde oňyn abraýyny pugtalandyrmaga goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022