RES 2026 sammitine gatnaşýan döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördüler

RES 2026 sammitine gatnaşýan döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördüler
RES 2026 EXPO ýaşyl we durnukly tehnologiýalar boýunça halkara sergi, 2026-njy ýylyň 22-nji apreli, Astana, Gazagystan (Surat: akorda.kz)

Astanada geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitine (RES 2026) gatnaşýan döwlet Baştutanlary çarşenbe güni RES 2026 EXPO ýaşyl we durnukly tehnologiýalar boýunça halkara serginiň çäklerinde ýurtlaryň pawilýonlaryna, şol sanda Türkmenistanyň ekspozisiýasyna baryp gördüler. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine, şeýle hem beýleki ýokary derejeli myhmanlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň milli pawilýonlary görkezildi. Bu ýurtlaryň pawilýonlarynda ýaşyl energetika we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak ugurlaryndaky ileri tutulýan ugurlar beýan edilýär.
Ekspozisiýalar ekosistemalaryň durnuklylygyny üpjün etmek, ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek we täze çözgütleri ornaşdyrmak boýunça çemeleşmeleri görkezýär, şol sanda Aralýaka sebitini dikeltmek boýunça taslamalary hem öz içine alýar.

RES 2026 EXPO halkara serginiň dowamynda hususy pudagyň gatnaşygyna aýratyn üns berilip, sebit ýurtlarynyň kompaniýalary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek we galyndylary gaýtadan işlemek ugurlarynda senagat işläp taýýarlamalaryny görkezýärler.

Sergi 30 ýurtdan we halkara guramalardan 240-dan gowrak gatnaşyjylary bir ýerde jemleýär. EXPO meýdançasynda durnukly ösüş babatyndaky öňdebaryjy çözgütlere bagyşlanan 120-den gowrak pawilýon ýerleşdirildi.
Şeýle-de çäräniň çäklerinde döwlet edaralarynyň we işewürligiň arasynda dialog üçin meýdança bolup hyzmat edýän maýa goýum forumy hem geçirilýär.

Maksatnama ekologiýa gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça halkara duşuşyklary we bilermenleriň maslahatlaryny, şeýle hem innowasion taslamalary we ýaş telekeçileri goldamaga gönükdirilen “ýaşyl” startaplar bäsleşigini hem öz içine alýar.

Mundan başga-da, myhmanlar üçin medeni çäreler, şol sanda sebit ýurtlarynyň dizaýnerleriniň taýýarlan lybaslar toplumynyň görkezilişleri we ekologiýa bagyşlanylan kinofestiwal guraldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022