Baku halkara deňiz söwda portunda sişenbe güni Türkmenistanda gurlan “Gadamly” gury ýük gämisini garşylamak dabarasy geçirildi.
Ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan gury ýük gämisi 240 sany ýigrimi futluk konteýnerleri daşamaga niýetlenendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Gämi Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda yzygiderli gatnawlary amala aşyryp, Hazar deňzindäki ýük akymlaryny tizlendirmäge hem-de logistika zynjyrlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Gadamly” gury ýük gämisi dabaraly ýagdaýda ilkinji gatnawyna ugradyldy.
Baku şäherinde geçirilen dabaranyň dowamynda resmi we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri täze gäminiň işe girizilmeginiň Orta geçelgäniň we Ýewraziýa ulag ugrunyň ösdürilmegine goşmaça itergi berjekdigini bellediler.
Türkmenistanyň deňiz flotunyň öz gämileri bilen pugtalandyrylmagy döwletiň strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan geçelgeleriň geçirijilik ukybyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işini tassyklaýar.













