Aşgabatda türk tagamlarynyň hepdeligine bagyşlanan çäre geçirildi

Aşgabatda türk tagamlarynyň hepdeligine bagyşlanan çäre geçirildi
Türk tagamlarynyň hepdeligine bagyşlanan çäre, 2026-njy ýylyň 21-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy penşenbe güni Aşgabatda türk tagamlarynyň hepdeligine bagyşlanan çäre geçirdi.

Duşuşyk Türkiýäniň ilçisiniň rezidensiýasynda diplomatik wekilleriň, medeniýet işgärleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Şeýle hem Türk ilçihanasy tarapyndan gurnalan çärä Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gatnaşdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok çärä gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, “Türk tagamlarynyň hepdeliginiň” dünýä jemgyýetçiligini Türkiýäniň tagamlary bilen tanyşdyrýandygyny aýtdy.

“Türkiýäniň diplomatik wekilhanalary tarapyndan geçirilýän çäreleriň üsti bilen biz diňe bir tagamlary däl, eýsem taryhymyzy, myhmansöýerligimizi we gymmatlyklarymyzy hem paýlaşýarys” diýip, diplomat belledi.

Myhmanlara ýurduň baý aşpezlik mirasyny we milli gastronomik däpleriň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän türk milli aşhanasynyň däp bolan tagamlary hödürlenildi.

“Türk tagamlarynyň hepdeligi” her ýyl 21–27-nji maý aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdoganyň howandarlygynda dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýär. Bu başlangyç türk tagamlaryny wagyz etmäge we ýurduň aşpezlik mirasyny gorap saklamaga gönükdirilendir.

2022
ENG TM РУС