Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara sergisi we maslahaty açyldy

Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara sergisi we maslahaty açyldy
“Ak şäherim Aşgabat 2026” (WCA 2026) atly XXV köpugurly halkara sergisi we maslahaty, 2026-njy ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýekşenbe güni “Ak şäherim Aşgabat 2026” (WCA 2026) atly XXV köpugurly halkara sergisi we maslahaty açyldy.

Sergä türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Ak şäherim Aşgabat 2026” (WCA 2026) atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde giňden bellenilmegi diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, bütin halkymyz üçin buýsandyryjy wakadyr. Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini we maslahaty geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini giň halkara jemgyýetçilige ýaýmaga gönükdirilen halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Çärä gatnaşyjylar dürli ulgamlarda dünýä derejesinde gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän önümlerini, işläp taýýarlamalaryny we innowasion çözgütlerini tanyşdyrýarlar. 

Sergi diňe bir harytlary we hyzmatlary däl, eýsem, ekologiýa we durnukly ösüş ulgamyndaky taslamalary öz içine alýar.

Serginiň diwarlyklarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, türkmen telekeçileriniň hem-de Aşgabatda iş alyp barýan we iri şähergurluşyk maksatnamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň ýeten sepgitleri tanyşdyrylýar. 

“Ak şäherim Aşgabat 2026” (WCA 2026) atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat 25-nji maýa çenli dowam eder.

2022