Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekiliýeti Berlinde geçirilýän ulag tehnologiýalarynyň halkara “InnoTrans 2026” sergisine gatnaşyp, onda demir ýol pudagynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirýär. Bu barada sergä gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň düzümindäki hünärmen “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.
Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Sylapberdi Nurberdiýew, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Keýmir Baýramow, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ýol hojalygy bölüminiň başlygy Abdylla Çolukow we ministrligiň aragatnaşyk bölüminiň başlygy Allanur Mämmedow girýär.
Serginiň ilkinji gününden türkmen wekiliýeti Germaniýanyň “Techne Kirow GmbH” we “INFRA LLC”, Hytaýyň “CRRC Nanjing Puzhen Co. Ltd”, Fransiýanyň “Alstom”, “Huawei Technologies Co. Ltd” we Şweýsariýanyň “Schwihag AG” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Mundan başga-da, 23-nji sentýabrda “Vossloh AG”, “ArcelorMittal” we “System7 Railtechnology GmbH” kompaniýalary bilen gepleşikler hem-de Beýik Britaniýanyň Ulag ministrliginiň, Beýik Britaniýanyň Demir ýol senagaty assosiasiýasynyň (RIA) we “Pandrol” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirmek meýilleşdirilýär. 24-nji sentýabrda bolsa “voestalpine Railway Systems GmbH”, “SRT Srl”, “ARBZ” we “Kzeso, LLC” kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gepleşikleriň gün tertibine demir ýol ulgamynda hereket edýän düzümleri, enjamlary we infrastruktura çözgütlerini öndürýän kompaniýalar, şeýle hem demir ýol ulaglary üçin sanly tehnologiýalar ulgamynda işleýän kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk meseleleri girýär.
“InnoTrans 2026” sergisi şu ýyl 30 ýyllyk taryhynda täze rekord goýdy. Oňa 59 ýurtdan 3170 kompaniýa gatnaşyp, sergi meýdançasynyň umumy meýdany bolsa 200 müň inedördül metre ýetýär. Sergide hereket edýän düzümler, infrastruktura we ulag tehnologiýalary ulgamyndaky 180 sany täze tehnologiýalar görkezilýär.
Şu ýyl geçirilýän sergide wodorod bilen işleýän ulaglar, awtomatlaşdyrma, emeli aň we robototehnika ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, geçirilýän serginiň açyk meýdançasynda 17 ýurtdan getirilen 113 sany demir ýol ulagynyň nusgasy görkezilip, olar uzynlygy 3,5 kilometr bolan ýörite demir ýol meýdançasynda ýerleşdirildi. Şeýle hem “InnoTrans” sergisine 700-e golaý kompaniýa ilkinji gezek gatnaşýar.





33271-90x604.jpeg)







