Bakuda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ikiçäk we giňeldilen düzümde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berdi.
“Zagulba” köşgünde resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda Serdar Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Şondan soň iki ýurduň ministrlikleri, edaralary we döwlet düzümleri tarapyndan birnäçe ylalaşyklar hem-de özara düşünişmek hakynda ähtnamalar alşyldy.
Gol çekilen resminamalar energetika, senagat, ykdysadyýet, oba hojalygy, saglygy goraýyş, sport, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, gümrük işi hem-de maliýe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem taraplar 2026–2028-nji ýyllar üçin senagat hyzmatdaşlygynyň maksatnamasyny we 2026–2029-njy ýyllar üçin daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etdiler.
Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlary hakynda Ylalaşyk hem-de iýmit howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk bar.
Giňişleýin düzümde geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soňra, wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň Türkmenistana sowgat hökmünde beren “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.













