Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti atly sport boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk görmek maksady bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherine bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Saparyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara bäsleşiklere gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem çempionatyň çäginde geçiriljek çäreleri guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem çäreleriň geçiriljek ýerini kesgitlemek we ony milli ýörelgelere laýyklykda bezemek meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary ýerli atşynaslar hem-de atçylyk pudagy boýunça ylmy barlaglary alyp barýan halkara derejeli hünärmenler bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda atly sport ýaryşlaryny we gözellik bäsleşigini guramagyň aýratynlyklary, meýdançada dürli ýazgylary ýerleşdirmek we ony häzirki zaman halkara talaplaryna laýyklykda bezemek bilen bagly meselelere garaldy.
Ýerli hünärmenler we atşynaslar özara tejribe alşylmagynyň möhümdigini belläp, Ýewropa ýurtlarynyň degişli hünärmenleriniň türkmen halkynyň milli atşynaslyk däpleri bilen has giňden tanyşmagynyň ähmiýetine üns çekdiler. Duşuşyklaryň dowamynda ahalteke bedewlerini seýislemek usullary, şeýle hem dürli ýurtlarda atçylyk pudagyny ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Duşuşykda ahalteke bedewleriniň baý taryhyna, olaryň özboluşly aýratynlyklaryna hem-de öňde boljak bäsleşikleri guramagyň tertibine aýratyn üns berildi. Bu ugurdaky meseleler halkara çäreleriň ýokary derejede, häzirki zaman talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen maslahatlaşyldy.













