Ýaş zehinleriň arasynda “ANZAN” mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Ýaş zehinleriň arasynda “ANZAN” mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
“ANZAN” mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, 2026-njy ýylyň 21-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Aşgabatda 6–12 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasynda “ANZAN” mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryş “Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde guralyp, oňa ýurduň dürli bilim merkezlerinden 121 çaga gatnaşdy.

Çempionat Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň birnäçe iri kompaniýalarynyň guramagynda geçirildi. Ýaryşa gatnaşan çagalar uzak wagtlap taýýarlyk görüp, ilki öz bilim merkezlerinde geçirilen bäsleşikleriň netijesinde saýlandy. Soňra saýlanan okuwçylar welaýatlaryň derejesinde we bilim merkezleriniň şahamçalarynyň arasynda geçirilen ýaryşlarda bäsleşip, çempionata gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşige gatnaşan bilim merkezleriniň arasynda “Kämil Bilim”, “Altyn Göreç” we “Zehin ýoly” merkezleriniň okuwçylary aýratyn tapawutlandylar.

Bäsleşigiň jemleri iki ugur boýunça kesgitlenildi. Ilki bilen, 6–12 ýaş aralygyndaky ähli gatnaşyjylaryň arasyndan iň ýokary netijeleri görkezen üç orun kesgitlendi. Şeýle hem çagalar ýaş aýratynlyklaryna görä toparlara bölünip, her ýaş toparynyň içinde aýratynlykda bahalandyryldy.

“ANZAN” mental arifmetikasy çagalaryň sanlar bilen çalt işlemek we hasaplamalary akyl arkaly ýerine ýetirmek ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen okuw usullarynyň biridir. Onuň dowamynda çagalar sanlar bilen dürli amallary ýerine ýetirmegi öwrenip, hasaplamalary diňe kagyz ýa-da kalkulýator arkaly däl, eýsem akyl taýdan hem çalt çözmäge türgenleşýärler. Bu usul çagalaryň ünsüni jemlemek, ýatda saklamak we çalt pikirlenmek endiklerini ösdürmäge ýardam berýär.

“ANZAN” mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty “Kids Expo” halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde yzygider iki ýyldan bäri geçirilýär.

2022