“Kids EXPO” sergisinde çaga lybaslarynyň moda görkezilişi geçirildi

“Kids EXPO” sergisinde çaga lybaslarynyň moda görkezilişi geçirildi
"Kids Expo" sergisinde çagalaryň moda görkezilişinden pursat, 2026-njy ýylyň 22-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabatda geçirilýän “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde çagalar üçin lybaslaryň moda görkezilişi geçirildi. Moda görkezilişinde Türkmenistanyň dizaýnerleriniň we moda öýleriniň çagalar üçin niýetlenen dürli görnüşli kolleksiýalary tomaşaçylara hödürlendi. Olaryň arasynda Läle Nepesowanyň we Nazilýa Guseýnowanyň kolleksiýalary, şeýle-de “Keshte Creative Platform” hem-de “Miras” moda öýleriniň taýýarlan işleri bar.

Çärä Läle Nepesowanyň esaslandyran “LN Fashion Academy” moda akademiýasynyň ýaş modelleri gatnaşyp, çagalar üçin taýýarlanan lybaslary görkezdiler. Kolleksiýada türkmen milli lybaslaryna mahsus nagyşlar we bezegler gündogar äheňi bilen utgaşdyryldy.

Moda görkezilişinde oglanlar üçin taýýarlanan egin-eşikler hem görkezildi. Olaryň arasynda “Goç Ýigit” moda öýüniň kolleksiýasy, şeýle hem milli lybaslar we köýnekler bar. Çäräniň dowamynda ýaş dizaýnerleriň taýýarlan işlerine hem aýratyn orun berildi. Moda görkezilişiniň dowamynda “Gym Ballet” we “Jeyran Junior” tans toparlarynyň, şeýle-de “Saýrak Bilbiller” we “Arkadag” hor toparlarynyň çykyşlary hem görkezildi.

Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda dowam eden “Kids EXPO” halkara sergisi aýdym-sazly çykyşlar bilen tamamlandy. Serginiň ahyrynda onuň işjeň gatnaşan gatnaşyjylaryna hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

2022