Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitaby niderland dilinde tanyşdyryldy

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitaby niderland dilinde tanyşdyryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy, 2026-njy ýylyň 4-nji sentýabry, Kronenberg. Niderlandiýa (Surat: BT)

Niderlandlar Patyşalygynda meşhur ahal-teke bedewlerine we türkmen halkynyň atçylyk däplerine bagyşlanyp geçirilýän halkara çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň niderland diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi diýip, çärä gatnaşýan “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň wekili habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň  tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň alymlary, professor-mugallymlary, talyp ýaşlary bilen bir hatarda, iri halkara syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň we dünýäniň abraýly ylym-bilim merkezleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, tanymal atşynaslar gatnaşdylar.

Niderland dilindäki kitap “Ahalteke bedewi: Türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirowyň giriş sözi bilen başlap, Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanowyň, Ýewropa Ahalteke Atçylyk Assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weelterwredeniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew we beýlekileriň çykyşlary bilen dowam etdi.

Kronenbergde geçirilýän çäreleriň meýilnamasy giň gerimi we baý mazmuny bilen tapawutlanýar. Maksatnamanyň dowamynda dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we dressaž boýunça bäsleşikler, “Ahalteke bedewi: Türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy-amaly maslahat, atlaryň konkur boýunça bäsleşigi, şeýle-de Ýewropanyň iň gowy bedewini saýlamak boýunça çäreler geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС