Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azebaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa sişenbe güni Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Myhmanlara türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, onuň däpleri, milli nagyşlaryň aýratynlyklary we reňk sazlaşygy barada gürrüň berildi. Muzeýde XVII–XIX asyrlara degişli nusgalary hem öz içine alýan, el bilen dokalan 2 müňe golaý seýrek we gadymy haly önümleri saklanýar.
Muzeýiň eksponatlarynyň arasynda 2001–2003-nji ýyllarda dokalan we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen dünýäniň iň uly halysy, şeýle-de Ikinji jahan urşy ýyllarynda döredilen ilkinji äpet haly bilen birlikde, muzeýiň 2009-njy ýylda täze binasy üçin ýörite dokalan halylar hem görkezilýär.
Muzeýe gezelenjiň dowamynda türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi hem geçirildi. Onda el keşdeleri bilen bezelen ýüpek köýnekler we milli bezeg aýratynlyklaryny häzirki zaman meýilleri bilen utgaşdyrýan däp bolan lybaslar görkezildi.
Leýla Aliýewa we Saida Mirziýoýewa 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty akademiýasynda açylan “Ene — tebigat” atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler. Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde guramagynda geçirilýän sergi 30-njy noýabra çenli dowam eder.
Saparyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewany we Saida Mirziýoýewany Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ugratdy. Myhmanlar çäreleriň ýokary derejede guralandygy we mähirli kabul edilendikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.












