Aşgabatda 21-nji oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026” atly 31-nji halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Çäräniň bilelikde gurnaýjysy bolan “Turkmen Energy Forumyň (TEF”) 17-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, foruma 75 ýurtdan 450 kompaniýanyň wekilçilik etmeginde 1700-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylan halkara sergide kompaniýalar nebitgaz pudagy üçin niýetlenen enjamlary, tehnologiýalary we inženerçilik çözgütlerini görkezýärler. “OGT”-niň çäklerinde ilkinji gezek Malaýziýanyň milli pawilýony hem işleýär. Onda bu ýurduň 20-den gowrak kompaniýasy öz işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrýar.
Maslahatyň gün tertibine “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar sebitindäki hyzmatdaşlyk, tebigy gazy gaýtadan işlemek we nebitgazhimiýa pudagyny ösdürmek ýaly meseleler girizildi. Şeýle-de 22-nji oktýabrda Nebit inženerleriniň jemgyýetiniň (SPE) geljegiň energetikasy üçin hünärmenleri taýýarlamak, liderlik we hünär mümkinçilikleri baradaky tegelek stoly geçiriler.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda maslahatyň ýurduň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hem-de nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga şert döretjekdigini belledi. Maslahatyň çägindäki serginiň bolsa innowasiýalar, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we täze taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmagy, köp şahaly turba geçirijiler ulgamyny döretmegi we logistika kuwwatyny pugtalandyrmagy Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Gutlagda 2026-njy ýylyň aprelinde “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna girişilendigi hem bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiň nygtaýşy ýaly, bu taslama ýurduň mundan beýläk-de ösmegi we tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Serdar Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem aýratyn ünsi çekdi. Gutlagda TOPH taslamasynyň möhüm bölegi bolan we “Arkadagyň ak ýoly” diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyra geçendigi bellenilýär.
“OGT 2026” halkara maslahat we serginiň maksatnamasyna laýyklykda B2B we B2G görnüşindäki işewür duşuşyklaryny, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen gepleşikleri we 22-nji oktýabrda şertnamalara gol çekmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara maslahat we sergi 23-nji oktýabra çenli dowam eder.













