Aşgabat şäherinde 3-nji noýabrda geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly CIET 2026 halkara sergisiniň we maslahatynyň ilkinji gününde hyzmatdaşlyk boýunça 15 sany Ähtnama gol çekildi. Resminamalar degişli ministrlikleriň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Beýik Britaniýanyň, Gazagystanyň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Slowakiýanyň, Daniýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Malaýziýanyň kompaniýalarynyň arasynda baglaşyldy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Beýik Britaniýanyň “ZHA Architects Limited” kompaniýasy bilen şähergurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalary ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek, Gazagystanyň “FALTEC” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen bolsa seýsmiki durnukly gurluşyk tehnologiýalaryny we gurluşyk desgalaryna gözegçilik ulgamlaryny bilelikde işläp taýýarlamak barada Ähtnamalara gol çekdi. Mundan başga-da Şweýsariýanyň “Leica Geosystems AG” kompaniýasy bilen degişli ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bolsa Slowakiýanyň “Betamont s.r.o.” we Şweýsariýanyň “Leica Geosystems AG” kompaniýalary bilen degişli resminamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Germaniýanyň “VEM Sachsenwerk GmbH”, “NTS Service GmbH”, “Refratechnik Cement GmbH” we “Grenzebach BSH GmbH” kompaniýalary, şeýle hem Hytaýyň “Sany International Development Limited” kompaniýasy bilen Ähtnamalary baglaşdy.
Energetika ulgamynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Hytaýyň “TBEA Shenyang Transformer Group Co., Ltd.” we Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamalaryna gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Energetika hem-de Aragatnaşyk ministrlikleri Malaýziýanyň “Bitdeer Supply Chain SDN. BHD.” kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Daniýanyň “Topsoe A/S” kompaniýasy bilen Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň we “Garabogazkarbamid” zawodynyň ygtybarly işini üpjün etmek boýunça Ähtnama gol çekdi. Konserniň Günorta Koreýanyň “Samsung E&A Co., Ltd.” kompaniýasy bilen baglaşan beýleki Ähtnamasy bolsa Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir.
CIET 2026 halkara sergisi we maslahaty 3–5-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Innowasiýalar. Maýa goýumlar. Ösüş” şygary astynda geçirilýär.













