Aşgabatda sişenbe güni Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykmagynyň 88 ýyllygy mynasybetli hatyra çäresi geçirildi. Çäre Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan diplomatik wekilhananyň garşysynda ýerleşýän, Atatürkiň adyny göterýän seýilgähdäki ýadygärlik heýkeliň öňünde guraldy.
Çäre 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykan wagtyna gabatlap, sagat 09:05-de başlandy. Bir minutlyk dymyşlykdan soňra Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet senalary ýerine ýetirilip, çärä gatnaşyjylar Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjysynyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.
Hatyra çäresine Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebeji, diplomatik wekilhananyň işgärleri, şol sanda harby wekil, türkmenistanly türk jemgyýetçiliginiň wekilleri, türkmen-türk umumybilim berýän mekdebiniň okuwçylary hem-de Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi gatnaşdy. Şeýle hem ýadygärligiň öňünde Hormat garawulynyň harby gullukçylary nyzama durdular.
Çärede Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň attaşesi Derýa Başarangil çykyş edip, Atatürküň öňe süren garaýyşlarynyň, amala aşyran özgertmeleriniň we esaslandyran gymmatlyklarynyň häzirki döwürde hem Türkiýe üçin ýol görkeziji bolup galýandygyny belledi. Şeýle hem Atatürkiň mirasyny gorap saklamagyň we geljekki nesillere ýetirmegiň möhüm wezipedigini nygtady. Çykyşynyň ahyrynda diplomat Atatürküň, onuň egindeşleriniň, Türkiýäniň garaşsyzlygy ugrunda göreşde wepat bolan gahrymanlaryň hem-de uruş weteranlarynyň hatyrasyny hormatlady.
Türkiýede her ýylyň 10-njy noýabrynda Mustafa Kemal Atatürki hatyralama güni bellenilip, ýurduň ähli künjeklerinde 1938-nji ýylyň hut şu güni aradan çykan respublikanyň esaslandyryjysynyň hatyrasyna ýerli wagt bilen sagat 09:05-de bir minutlyk dymyşlyk yglan edilýär. Esasy döwlet hatyralama çäresi däp boýunça Ankaradaky Atatürküň aramgähi — Anytkabirde geçirilýär. Şeýle hem hatyralama çäreleri dünýäniň dürli ýurtlarynda Türkiýäniň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralýar.












