Mary welaýatyndaky owgan we ýerli jemgyýetçilik toparlarynyň 30-dan gowrak zenan wekilleri Halkara Migrasiýa Guramasy tarapyndan guralan “Başarnyklardan mümkinçiliklere” atly ýarmarkada öz el işlerini görkezdiler. Çäräniň esasy maksady zenan ussatlary hususy pudagyň wekilleri bilen tanyşdyrmak we özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Bu barada anna güni Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berdi.
Ýarmarka işewür toparlaryň wekillerini, talyp ýaşlary we şäher ilatyny öz içine alýan 200-den gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirildi. Onda kümüş şaý-sepler, milli tahýalar, keşdelenen önümler, toý lybaslary — kürteler, halylar, keçe önümleri, örme güller, şeýle hem el keşdeleri bilen bezelen owgan milli lybaslary görkezildi.
Çäräniň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we hyzmatdaş guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stol maslahaty geçirildi. Onda zenanlaryň sargytlary almaga we önümlerini ýerlemegiň bazarlaryna çykmaga mümkinçiliklerini giňeltmek, wagtlaýyn ýa-da doly däl iş güni bilen üpjünçilik, şeýle hem olaryň ýerli önümçilik işlerine çekilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata azyk önümlerini öndürýän “Täze Aý”, ýüpek dokmaçylygynda ýöriteleşen “Gerçek Ýigit” we aýakgap tikmek bilen meşgullanýan “Röwşen” kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdy. Olar zenanlary önümçilige çekmegiň dürli mümkinçiliklerini, şol sanda mugt tejribe geçmegi, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ýola goýmagy we geljekde işe ýerleşmek mümkinçiliklerini teklip etdiler.
Ýarmarka Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistanda durmuşa geçiren üç ýyllyk sebit taslamasynyň jemleýji çäresi boldy. Guramanyň hünär öwretmek maksatnamasynyň çäklerinde Mary we Lebap welaýatlarynda ýaşaýan owgan we ýerli ilatdan bolan 219 gelin-gyza hünär öwrenmäge mümkinçilikler döredildi.
Türkmenistanda “Owganystan we goňşy ýurtlar üçin toplumlaýyn hereket meýilnamasy” atly sebit taslamasynyň milli bölegi Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy we Daşary işler ministrliginiň utgaşdyrmagy bilen, ýerli häkimiýet edaralary we hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirildi.










