ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau sapar bilen Türkmenistana geldi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau sapar bilen Türkmenistana geldi
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde, 2026-njy ýylyň 22-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň ýekşenbe güni sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Kristofer Landau saparynyň çäklerinde amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, söwda we maýa goýum mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdy. Duşuşygyň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Şeýle hem Kristofer Landau Aşgabatdaky "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna baryp, "Baky şöhrat" ýadygärligine gül desselerini goýup,  "Ruhy tagzym" we "Milletiň ogullary" ýadygärliklerine hem baryp gördi.

Saparynyň dowamynda Landau Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde türkmen hünärmenleri bilen bilelikde Gadymy Merwden tapylan heýkelleri dikeltmek boýunça işleri alyp barýan ABŞ-nyň Getti muzeýiniň hünärmenleri bilen duşuşdy.  

Mundan ozal ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň habar bermegine görä, Kristofer Landaunyň Türkmenistana saparynyň dowamynda ýurduň hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem türkmen we amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Duşuşyklarda energiýa eksportynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, hususan-da, Hazarüsti geçelgesi we TRIPP boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmak meselelerine garalmagy göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022