Türkmenistan bilen “Apple Developer Academy” IT hünärmenlerini taýýarlamakda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen “Apple Developer Academy” IT hünärmenlerini taýýarlamakda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Türkmen wekiliýeti Neapolyň Fridrih II adyndaky uniwersitetiniň “Apple Developer Academy” okuw merkezinde gezelençde. 2026-njy ýylyň 25–27-nji noýabry, Neapol, Italiýa. (Surat: Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbandurdy Mezilowyň we “Apple Developer Academy” okuw merkeziniň ylmy direktory, professor Jorjo Wentreniň arasynda duşuşyk geçirilip, programmirleme we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem akademiki alyş-çalyşlary guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk 25–27-nji noýabrda türkmen wekiliýetiniň Italiýa saparynyň çäklerinde, Neapol şäherinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda italýan tarapy akademiýanyň okuw maksatnamalary we talyplaryň öz programmalaryny işläp düzmegine esaslanýan amaly programmirleme okuw usuly barada maglumat berdi. Türkmen tarapy bolsa sanly tehnologiýalar ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamakda toplan tejribesini, şeýle hem inženerçilik tehnologiýalary we robototehnika ulgamlarynda alnyp barylýan işlerini tanyşdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda professor Wentri türkmen wekiliýeti üçin akademiýa boýunça gezelenç gurap, okuw otaglaryny we taslama işleriniň guralyşyny görkezdi.

Saparyň çäklerinde Neapolyň Fridrih II adyndaky uniwersitetiniň prorektory, professor Nikola Bianko bilen hem duşuşyk geçirildi. Duşuşykda uniwersitetiň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda akademiki alyş-çalyşlary we bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek bellenildi.

Mundan başga-da, Neapolyň uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine garaldy. Italiýanyň uniwersiteti türkmen wekillerini özünde geçirilýän maslahatlara, simpoziumlara we olimpiadalara gatnaşmaga hem çagyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022