“Airbus” äpet A380 uçaryny önümçilikden aýyrýar

“Airbus” äpet A380 uçaryny önümçilikden aýyrýar

“Airbus” kompaniýasy, 12 ýyllap hyzmat edenden soň, iki gat A380 uçaryny önümçilikden aýyrýar. Bu abraýly taslama ýolagçylaryň kalbyna giren hem bolsa, hasapçylar we howa ýollary kompaniýalary ýangyjy tygşytlyrak ulanýan has kiçi uçarlary kem görenokdylar. Ýaş we dillere dessan bolan bu uçaryň soňunyň gelmegi “Airbus” üçin simwoliki ýitgi, onuň bäsdeşi “Boeing” üçin bolsa pursatdyr.

A380 uçarynyň iň uly müşderisi bolan “Emirates” kompaniýasy we barmak basyp sanaýmaly beýleki alyjylar iň soňky sargytlaryna gowuşanlaryndan soň, bu äpet howa gämisiniň önümçiligi 2021-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanar. “Emirates” deslapky A380 sargytlarynyň sanyny 53-den 14-e getirýändigini aýtdy. “Airbus” özüniň göz-guwanjy bolan bu uçar üçin gitdigiçe bir müşderä bagly bolup galandan soň, “Emirates” has köp A380 uçarlaryny sargamak ýa-da goýbolsun etmek bilen bu taslamany arşa hem çykaryp biljekdi, emma şol bir wagtyň özünde ony şowsuzlyga uçradyp biljek güýje hem eýedi. Ol şeýle hem etdi. Haçan-da Birleşen Arap Emirlikleriniň howa ýollary kompaniýasy özüniň soňky 20 sargydyny täzeden gözden geçirmek barada karar alandan soň, täze müşderileriň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, “Airbus” kompaniýasy A380 uçarlaryny önümçilikden aýyrmakdan başga çäre tapmady.  

“Şu günki yglan eden kararymyz hem biz üçin, hem dünýädäki A380 muşdaklary üçin gynançly ýagdaýdyr” diýip, “Airbus” kompaniýasynyň Baş direktory Tom Enders aýtdy. A380 uçarynyň kän bir aşygy bolmadyk Enders “biz ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmeli bolýarys” diýdi. “Airbus” kompaniýasy bu kararyň 3,500 sany iş ornuna täsir etjekdigini hem mälim etdi.

Görnüşine baglylykda, A380 uçarynyň ýolagçy göwrümi 550-den başlap, 800-e çenli çykyp bilýär. Bu uçar iň köp bolanda 853 adam alyp bilýär, emma häzire çenli howa ýollary kompaniýalarynyň hiçisi bu göwrümdäki uçary sargyt etmedi.

A380 Ýewropa üçin has aýratyn ähmiýete eýe bolan we ähli ýewropalylar tarapyndan buýsanylýan taslamady. Onuň ganatlary Beýik Britaniýadan,  beýleki komponentleri bolsa Germaniýada we Fransiýada ýerleşýän kärhanalardan alynýardy. Emma biznes nukdaýnazaryndan seredilende, bahasy 465 million ABŞ dollaryna barabar bolan bu uçar juda gymmatdy. Ony işletmek üçin sagatda ortaça $26,000 - $29,000 çykdaýjy etmeli bolýardy. Bu bolsa, uzak aralgya niýetlenen, goşa hereketlendirijili, dolandyrmak üçin sagatda köp bolanda 15,000 ABŞ dollaryny talap edýän “Boeing 787-9” uçarynyňkydan iki esse ýokarydy.

A380 uçarlary asmandan bir gijede ýitirim bolmaz. Howa ýollary kompaniýalary öňümizdäki ýyllarda hem olary uçurmaly bolarlar. Satjak bolaýanlarynda hem, bu uçarlar üçin müşderi tapmak aňsat däl. Indi howa ýollary kompaniýalarynyň ýolbaşçylary geljekki ýyllaryň dowamynda öz A380 uçarlarynyň ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ediljekdigi barada “Airbus” kompaniýasyndan kepillik soraýarlar. Ençeme kompaniýalar özleriniň esasy uçarlary hökmünde A380-e maýa goýupdylar, howa menzilleri hem bu uçarlar üçin täze desgalary gurupdylar. Häzire çenli 16 sany müşderi A380-800 kysymly uçar üçin jemi 313 sargyt iberdi. 2019-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli şolaryň 13-ne 234 sany uçar gowşuryldy. Müşderileriň arasynda “Air France”, “Asiana”, “British Airways”, “China Southern”, “Emirates”, “Etihad”, “Korean Air”, “Lufthansa”, “Malaysia Airlines”, “Qantas”, “Qatar Airways” we “Singapore Airlines” hem bar. Dünýä boýunça 400 sany howa menzili A380-i kabul etmäge ukyplydyr.

2022