“Deňiz” myhmanhanasynda ulag ulgamyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Deňiz” myhmanhanasynda Hazarýaka döwletleriniň Ulag we logistika ulgamynda işleýän döwlet edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite tegelek stol geçirildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň inisiýatiwasy arkaly geçirilen bu ýygnak birinji Hazar forumynyň çäklerinde 11-nji awgustda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Ulag ministrleriniň duşuşygyna taýynlyk hökmünde çykyş edýär.

Tegelek stoluň dowamynda Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda ulag gatnaşyklary, Hazaryň kenaryndaky portlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.