“A Coffee” bäş ýyldan bäri türkmen paýtagtynda müşderilere hyzmat edýär

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “A Coffee” kafesi öz müşderilerine dünýäde giňden ýaýran kofe içgisiniň 17 görnüşini hödürleýär.

“A Coffee” kafesiniň menejeri Timur Žuçkow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda kafede bu meşhur içginiň Günorta Amerikadan we Afrikadan gelýän kofe dänelerinden taýýarlanýandygyny aýtdy.

“Biz Türkiýäniň “Kulbins” kompaniýasy bilen kofe öndürmek barada şertnama baglaşdyk. Bu kompaniýa Günorta Amerikadan we Afrikadan gelýän kofe dänelerini gaýtadan işleýär hem-de biziň tehnologiýamyz boýunça, ýagny, iki kontinentde ösýän kofe dänelerini garyşdyryp kofe öndürip, bir kilogramlyk gaplarda bize ugradýar” diýip, kofeniň önümçiligi barada Žuçkow gürrüň berdi.

Şeýle hem Timur Žuçkow kofeniň üç usulda, ýagny turkada, ýörite kofe enjamynda we elde (ýörite gapda) taýýarlanýan usullary barada aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, kofeni turkada taýýarlamak 5-6 minut, kofe enjamynda 30 sekund we elde 3-4 minut wagt alýar. “Iň goýy we tagamly kofe elde taýýarlanýan usulda bolýar” diýip, Timur sözüniň üstüni ýetirdi.

“Biziň kafemiz kofe içgisi bilen bir hatarda, ony ýanyň bilen alyp gitmek we kafemizde taýynlanýan süýji tagamlary öýe getirmek hyzmatlaryny hödürleýär. Günde ýany bilen alyp gitmek üçin 100 çaşka golaý kofe içgisi taýýarlanýar. Kafemize günde ortaça gelýänleriň sany 150 adamdan gowrak. Biz müşderilerimize kofeniň 17 görnüşli tagamyny hödürleýäris, esasy içilýän görnüşleri bolsa, “Kapuçino”, “Latte” we “Amerikano”-dyr. Müşderilerimize ýokary hilli kofe tagamlaryny hödürlemäge ymtylýarys” diýip, kafeniň menejeri söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Žuçkow häzirki wagtda Aşgabatda iki sany “A Coffee” kafesiniň hereket edýändigini belläp, geljekde ýene ikisiniň açylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň bazarynda “A Coffee” haryt nyşanly bir kilogramlyk gaplarda kofe önüminiň we bulgurlarynyň satuwynyň ýola goýulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny nygtady.

“A Coffee” kafesi Aşgabatda 2015-nji ýyldan bäri müşderilerine hyzmat edip gelýär.