Aşgabat şäheriniň “ABK” döredijilik ussahanasynyň binagärleri üç sany halkara bäsleşige öz bio-tek usulynda düzülen taslamalaryny hödürlediler. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.
“Sady Pridonýa” kompaniýasynyň sargydy boýunça Russiýanyň binagärler birleşmesi tarapyndan gurnalan bäsleşikde türkmen binagärleriniň çopantelpek gülüniň şekilinde düzülen çagalar bagynyň taslamasy gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.
Kanadanyň Bilim ministrligi tarapynda gurnalan halkara bäsleşiginde “ABK” döredijik ussahanasynyň binagärleriniň umumy bilim beriş mekdebiniň taslamasy görkezildi. Mekdebiň binasynyň taslamasy Kanadanyň nyşany bolan klýon ýapragynyň şekilinde ýerine ýetirilendir.
Dubaý şäheriniň eteginde ýerleşýän Ras Al Khor goraghanasynda flamingo guşlaryna syn etmek üçin goraghanany abadanlaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bäsleşikde türkmen binagärleriniň hem taslamasy hödürlendi. Binagärler taslama binanyň üstünde ganatlaryny giňden ýaýýan flamingo guşuny şekillendirdiler.
“ABK” döredijilik ussahanasy diňe bir bäsleşikler üçin kreatiw taslamalary düzmän, eýsem, ýurtda şäher gurluşyk pudagyndaky maksatnamalara işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleri Aşgabadyň günbatarynda gurulýan jaýlaryň çyzgylaryny çyzmagyň ikinji tapgyrynyň üstünde işleýär.
Bio-tek – bu binagärligiň daşky gurşaw bilen baglaşdyrmak usulydyr.