Türkmenistan we Owganystan ulag hem-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Türkmenistan we Owganystan ulag hem-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Owganystanyň Hyrat şäherinde 5-6-njy iýunda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň we Owganystanyň ýokary derejeli wekiliýetleri sebitdäki möhüm energiýa we ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Daşary işler ministri Mohammad Haneef Atmar ýolbaşçylyk etdi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň düzümi ykdysady geňeşçilerden, energiýa we ulag pudaklarynyň we milli maliýe guramalarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan halkara kompaniýalaryndan ybarat boldy.

Resmiler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçirijisi ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilişine garadylar. Şeýle hem olar Türkmenistan, Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Owganystany Türkiýä we Ýewropa birleşdirýän “Lapis Lazuli” ulag geçelgesine ünsi çekdiler.

Taraplar gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapynyň gatnaşmagynda “Turgundy-Hyrat” demir ýolunyň gurluşygy boýunça hem pikir alyşdylar.

Owganystanyň DIM-niň metbugat beýanatyna görä, Daşary işler ministrleri bu taslama boýunça işe başlamagyň zerurdygyny aýtdylar we onuň  durmuşa geçirilmeginiň Owganystandaky demir ýol taslamalary üçin gowy başlangyç boljakdygyny bellediler.

Şeýle hem owgan wekiliýeti türkmen kärdeşlerine Owganystanyň takmynan 200 milliard ABŞ dollarlyk dürli serişdeleriniň we seýrek daşlarynyň gorlary barada giňişleýin maglumat berdi. Sebit ýurtlarynda, esasan hem Türkmenistanda mermere bolan talaby göz öňünde tutup, Aşgabat bilen söwdany pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.

Türkmenistanda täze şäherleri gurmak üçin gurluşyk taslamalaryň ähmiýetine ünsi çeken türkmen wekiliýeti mermere bolan talabyň bardygyny aýtdy we Türkmenistanyň Owganystandan mermer satyn almaga doly taýýardygyny mälim etdi.

Taraplar Owganystanyň Türkmenistana mermer eksport etmegi babatynda şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani 14-nji ýanwarda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bilelikdäki infrastruktura desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryna gatnaşdylar.

Suratlar: Owganystanyň Daşary işler ministrligi.

2022