Türkmenistanyň we Owganystanyň Liderleri birnäçe taslamalaryň işe girizilmegine gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Owganystanyň Liderleri birnäçe taslamalaryň işe girizilmegine gatnaşdylar
Owganystanyň Prezidenti öz türkmen kärdeşine dostluk goldawy hem-de ýakyn goňşusyna bildirilýän aladalary üçin minnetdarlyk bildirdi. (Suraty: Owganystanyň Prezidentiniň Diwany)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki infrastruktura desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň elektron saýty habar berýär.

Dabaranyň dowamynda Akina - Andhoý demir ýoly, Ymamnazar (Türkmenistan) - Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) - Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy we üstaşyr akymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisi işe girizildi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi we öz çykyşynyň dowamynda “gysga möhletlerde amala aşyrylan bu taslamalaryň umumy maksada - biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna, giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir” diýip nygtady.

Soňra, wideoaragatnaşyk arkaly Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani öz çykyşy bilen dabarany dowam etdi. Ol Owganystan we onuň halky üçin bu çäreleriň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdi. Bu desgalaryň taryhy barada gürrüň berip, Owganystanyň baştutany olaryň diňe ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem sebit ykdysadyýetiniň integrasiýasynyň berkidilmegi babatynda hem aýratyn ähmiýetli bolup durýandygyny nygtady.

Owganystanyň Prezidenti öz türkmen kärdeşine dostluk goldawy hem-de ýakyn goňşusyna bildirilýän aladalary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň diňe sebitiň ýurtlaryny däl-de, eýsem dünýäniň ýurtlaryny hem birleşdirýändigi barada belläp geçdi.

Demir ýolunyň gurluşygy baradaky özara düşünişmek Ähtnamasyna Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri 2019-njy ýylyň fewral aýynda gol çekdiler.

 
2022