Awazada Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

Awazada Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Awaza” Kongres Merkezinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar. Mejlise şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Natalýa German gatnaşdy.

Duşuşygyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň zenanlarynyň Dialogy, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň Halkara festiwaly bilen bir hatarda, ykdysady we medeni häsiýetli ugurdaş çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň giriş çykyşynda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge, Merkezi Aziýa sebitiniň yklym we global hereketlere netijeli hem-de işjeň gatnaşmagy babatda güýçli herekete getiriji faktor bolmagy babatda has işjeň we anyk ädimler ugrunda şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin çakylygy kabul edip, Türkmenistana gelendikleri üçin kärdeşlerine minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna seretdiler. Şeýle hem Prezidentler sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara ösüşiň derwaýys temalary boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisiň barşynda Prezidentler Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkentde geçirilen Konsultatiw duşuşygynyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Energiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge, bar bolan ulag geçelgeleriň netijeli işlemegini goldamaga we täze ulag geçelgeleri döretmek arkaly sebitiň döwletleriniň arasynda ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çykyşynda: “BMG-niň resminamalaryna esaslanmak bilen, biz energiýa çeşmelerine bolan içerki sebit islegleri kanagatlandyrmaga we halkara ulag geçelgeleri arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen howpsuz, durnukly energiýa hyzmatdaşlygy üçin amatly syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek ýolundan barýarys” diýip belledi.

Prezidentler söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport-import harytlarynyň möçberini artdyrmagy, hem maslahatlaşdylar. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň we senagat hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýasyny ýokarlandyrmak babatda ylalaşyklary gazandylar.

Pandemiýa garşy göreşmekde sebitiň döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek duşuşygyň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Prezidentler täze görnüşli ýokançlaryň gelip çykyşynyň tebigatyny öwrenmek, şeýle-de bejermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak  babatda bilelikdäki barlaglary guramagy we höweslendirmegi ylalaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Soňra Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany gowşurmak dabarasy geçirildi. Geçirilen Konsultatiw duşuşykda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Prezidentleriniň kabul eden çözgüdine laýyklykda, Hormatly nyşan Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, halkara jemgyýetçiliginde sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki gyzyklanmalaryny we başlangyçlaryny  ilerletmekde alyp barýan hyzmatlary üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona gowşuryldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly nyşany gowşurdy.

(Suratlar: Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Prezidentleriniň metbugat gulluklary)

2022