Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty öz işine başlady

Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni ýurdymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2021) atly XXVI halkara maslahaty öz işine başlady.

Halkara maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň “GaffneyCline” kompaniýasy bilen bilelikde gurnaldy.

Her ýyl Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän bu maslahata 140-dan gowrak wekil gatnaşdy. Halkara syýahat çäklendirmeleri sebäpli bu çäre onlaýn görnüşde hem geçirilýär.

Umumy mejlise başlamazdan ozal wise-premýer Şahym Abdrahmanow tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum maslahatyna gatnaşyjylara iberen haty okaldy.

“Sizi gözel paýtagtymyzda ýigrimi altynjy gezek geçirilýän ''Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021'' atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watanymyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin!” diýip, Döwlet Baştutanymyz halkara maslahata gatnaşyjylara ugradan hatynda belleýär.

Umumy mejlisi Aziýa ösüş (AÖB) bankyň Türkmenistandaky hemişelik direktory Çang Çing Ýu tarapyndan alnyp baryldy.

Maslahatyň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz kompaniýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Çijun, Nebiti eksport edýän ýurtlar guramasynyň (OPEC) baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindonyň, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň, Global gaz merkeziniň başlygy we “GAZNAT SA” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Rene Batzyň, Halkara Energetika agentliginiň (HEA)-Energiýa boýunça baş ykdysatçy Tim Gouldyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň we “SOCAR” Treading kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Marýam Almaszadeniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.

OPEC-iň baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo öz çykyşynda guramanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli birnäçe meseleler boýunça, ilkinji nobatda hem nebit bazarlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýyndygyny nygtady.

‘’Türkmenistan tebigy gaza we nebite baý we şol serişdeleriň eksport mümkinçiligini giňeltmek üçin nebit-gaz infrastrukturasyna maýa goýmagyny dowam edýär. Azerbaýjana we Türkmenistana bazardaky öňdebaryjy ornuny saklamak üçin maýa goýum derejelerini goldamagy başarmaly we bu meselede iki ýurdy Ýewropa bilen birleşdirjek Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýeti uludyr’’ diýip, ‘’SOCAR” Treading kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Marýam Almaszade öz ýüzlenmesinde nygtady.

“Tebigy gaz we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri – az uglerodly geljege geçmekde esasy serişdeler” atly 4-nji sessiýanyň geçirilmegi üçin Dubaýda geçirilýän “EXPO 2020” bilen sanly ulgam arkaly baglaşmagy bu ýylky maslahatyň täzeligi bolar. Bu mejlis 28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýän maslahata gatnaşyjylary Dubaýda geçirilýän “EKSPO-2020” sergisindäki Türkmenistanyň powiliony bilen baglaşdyrlar.

Maslahatyň çäginde hyzmatdaşlyk barada birnäçe resminamalaryň gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

2022