Aşgabatda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň 43 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

Aşgabatda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň 43 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
Sergi ähli isleg bildirýänler üçin açyk bolup, 2022-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli dowam eder.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde sişenbe güni Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň 43 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi öz işine başlady.

Merkeziň pars dili mugallymy Kümüş Agaýewanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berşine görä, şekillendirilen suratlaryň arasynda “Roýan” ylmy-gözleg instituty, Eýranyň nebiti gaýtadan işleýan zawody, Atom elektrik stansiýasy, Eýranyň Parlamentiniň mejlisler zaly, “Omid” gözleg we aragatnaşyk emeli hemrasy, Pars aýlagyndaky nebit buraw desgasy, Tähranda ýerleşýän dünýädäki iň uly söwda merkezi bar.

Merkeziň başlygy Nawid Rasuliniň aýtmagyna görä, bu serginiň esasy maksady Türkmenistanly ýaşaýjylary Yslam Rewolýusiýasyndan soňky Eýranyň şu wagta çenli ýeten uly sepgitleri we ylmy-gözleg üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Sergi ähli isleg bildirýänler üçin açyk bolup, 2022-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli dowam eder.

Eýranda 1979-njy ýyldaky Yslam Rewolýusiýasy diňe Ýakyn Gündogar sebiti üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin möhüm taryhy ähmiýete eýe bolan 20-nji asyryň iň möhüm wakalarynyň biridir.

2022