Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy Aşgabat şäherinde penşenbe güni geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent we bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.
Çürbaşy “2023” belgili sekizburçly ýyldyz bilen jemlenýän Baş arçanyň beýikligi 43 metre deňdir.
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde geçirildi.
Geçirilen dabaranyň dowamynda çagalar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýatdan çykmajak ýadygärlik sowgatlaryny aldylar.
Paýtagtymyzdaky owadan arçanyň yzysüre welaýatlarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda ornaşdyrylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi täsin yşyklar bilen öwşün atyp başlady.