Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet sergisi geçirildi

Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet sergisi geçirildi
Geçirilen çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhy-medeniýeti bilen tanyşdyryldy.

Brýusselde ýerleşýän Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň (EEAS) edara binasynda sişenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýetine bagyşlanan sergisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky, Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.

Serginiň açylyş dabarasynda EEAS-yň Baş sekretary Stefano Sannino, Ýewropa Bileleşigiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri çykyş etdiler.

Ilçi Sapar Palwanow serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda eden çykyşynda, bu çäräniň Merkezi Aziýanyň halklarynyň özara baglanyşykly taryhynyň we medeniýetiniň bardygyna göz ýetirmäge ýene bir gezek doly mümkinçilik berýändigini belledi.

“Türkmenistanyň çäginde, şol sanda doganlyk ýurtlarymyzda-da taryhy tapyndylar sebitimiziň ylym, gurluşyk we beýleki möhüm pudaklarda örän ösendigini görkezýär” diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Sapar Palwanow häzirki wagtda Türkmenistanda müňlerçe dürli maksatly binalaryň gurulýandygyny aýtdy we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherinde gurulýan desgalar barada hem giňişleýin gürrüň berdi.

Türkmen diplomaty soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny, sebitara ulag we logistika ulgamlarynyň ösdürilýändigini hem-de giňeldilýändigini belledi. Şeýle hem ol gysga wagtyň dowamynda sebitleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygyny we bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini aýtdy.

Mundan başga-da, türkmen diplomaty Türkmenistanyň sebitler bilen özara hyzmatdaşlyk boýunça tejribe alyşmagy geljekde-de dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.

Geçirilen çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhy-medeniýeti bilen tanyşdyryldy. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň milli şaý-sepleri, halylary we el işleri görkezildi hem-de sergä gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

2022