Ýanwar-fewral 2023: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy 10,1% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-fewral 2023: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy 10,1% ýokarlandy
Türkmenistan Hytaýa geçen iki aýyň dowamynda 1,61 milliard ABŞ dollaryndan gowrak önüm iberdi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 1,73 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,1 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlarynda habar berilýär.

Diňe 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanşygy 786,8 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Türkmenistan Hytaýa geçen iki aýyň dowamynda 1,61 milliard ABŞ dollaryndan gowrak önüm iberdi. Şeýle hem bu döwürde Türkmenistan 40,17 million ABŞ dollaryndan gowrak hytaý harytlaryny import etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,6 göterim peseldi.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

2022