“Ajaýyp ussat halal önümleri” kärhanasy günde 15 tonna süýt alýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ajaýyp ussat halal önümleri” kärhanasy günde 15 tonna süýt alýar
Bu ýerde bir ýylyň dowamynda 6 müň tonna süýt alynýar.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda sagym mallardan her gün 15 tonna arassa süýt alýar.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan" teleradioýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň diktory Çary Çaryýewiň “Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren beýanatyna görä, bu ýerde bir ýylyň dowamynda 6 müň tonna süýt alynýar. Hojalyk Jemgyýeti geljekde ýyllyk kuwwatyny 10 müň tonna ýetirmegi maksat edinýär.

“Ajaýyp ussat halal önümleri” kärhanasynyň ýokary hilli jylka eti öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumynda sygyrlaryň aberdin-angus, simmental, golştin tohumlarynyň müňlerçesi idedilýär.

Et önümlerini öndürmäge niýetlenen toplumda angus mallaryň baş sany 1054 -de, süýt ugurly idedilýän golştin mallaryň baş sany 2582 -ä, simmental mallaryň sany bolsa 365-e ýetdi.

Kärhanada idedilýän mallardan alynýan taýýar süýt “Täze Aý” hojalyk jemgyýetine, “Hasar” hojalyk jemgyýetine, “Aýazbaba” hususy kärhanasyna, “Elin” haryt nyşanly süýt kärhanasyna we beýleki süýdi gaýtadan işleýän kärhanalara iberilýär.

2022