“Ak Depe Hyzmat” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Iner” haryt nyşany bilen bir litrlik gaplara gaplanan ýokary hilli ýogurtlaryň önümçiligini ýola goýdy. Ýokumlylygy we ýaramlylygy bilen halkyň söýgüsini gazanan ýogurtlar ekologiýa taýdan arassa aseptik gaplara gaplanyp, alyjylara hödürlenilýär.Bu barada “Biznes Reklama” gazetinde habar berilýär.
2023-nji ýylda kärhananyň baş direktory Meýlis Atabaýewiň ýolbaşçylygynda döredilen önümçilikde süýt we süýt önümleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilip, kärhanada Italiýa, Awstriýa we Germaniýa ýaly Ýewropa ýurtlarynyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyryldy.
Häzirki wagtda kärhanada 2 göterim ýagly pasterizirlenen süýt, 0,5 we 1 litrlik gaplara gaplanan gatyk, çig gaýmak, klassyky uýadylan tagamly gatyk bolan rýaženka, bio-kefiriň iki görnüşi, 250 we 450 gramlyk gaplardaky iki görnüşli ýogurt, şeýle hem 10 we 15 göterim ýagly gaýmak öndürilýär. Mundan başga-da, hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup italýan aşhanasyna degişli bolan mozarella peýniriniň önümçiligini ýola goýdy.
Kärhananyň önümçiligi üçin zerur bolan süýt Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumyndan getirilýär. Ýylda 1 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan kärhanada çig malyň hiline aýratyn üns berilip, süýt peýdaly ot-iýmler bilen iýmitlendirilýän iri şahly mallardan alynýar.
Hojalyk jemgyýetinde hereket edýän ýörite barlaghanada her gün öndürilýän önümleriň hiline, şol sanda süýdüň ýaglylyk derejesine we düzümindäki peýdaly maddalaryň mukdaryna gözegçilik edilýär. Hil barlagyndan geçen taýýar önümler täzeligine Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlaryna hem-de dükanlaryna iberilýär.

















