Türkmenistanyň Prezidenti “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory bilen duşuşdy
Oleg Belozýorow Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory, müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň başynda Oleg Belozýorow Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň barşynda netijeli gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň dörediljekdigine, duşuşyklaryň jemleriniň bolsa demir ýol ulagy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

“Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda demir ýollary hem-de ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň geljegi uludyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini we onuň Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzda logistik geçelgeleriň netijeli peýdalanylmagy üçin amatly şertleriň döredilendigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, bar bolan gyzyklanmalary hem-de bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini hasaba almak bilen guralýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

2022